JEMGYÝET

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň bilelikde guramagynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Merkezi Aziýa döwletlerinden gelen ýaş diplomatlar we döwlet gullukçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň esasy maksady Merkezi Aziýa sebitiniň ýaş diplomatlarynyň we döwlet gullukçylarynyň özara hyzmatdaşlygyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakdan hem-de bu ugurdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybaratdyr.
Açylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi L.Ferrari, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi S. Konlon we BMG-niň Ilat Gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy K.Goşlyýew dagylar çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň diňe bir milli bähbitlerimize laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we ählumumy derejede howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň netijeli guraly hökmünde dünýä bileleşiginde ykrar edilendigi aýratyn nygtaldy.
Maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirýän ählumumy abadançylygy üpjün etmegiň hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine saldamly goşant goşýar.
Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň geçen döwrüň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň binýatlaýyn gymmatlyklaryna we maksatlaryna doly laýyk gelýändigi, şonuň bilen birlikde bolsa, Milletler Bileleşiginiň umumy gazanan üstünligi hökmünde ykrar edilendigi bellenildi. Şeýle hem häzirki wagtda ýurdumyzda BMG-niň ýaşlar syýasatyna gönükdirilen degişli sebitleýin taslama resminamasynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygy barada aýratyn nygtaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi