DÜNÝÄ

Wengriýanyň täze ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Wengriýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ýožef  Rožadan ynanç hatyny kabul etdi.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Diplomat  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, türkmen Parlamentiniň işi bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisijenap Ýožef  Roža iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Related posts

Türkiýede täze adalat ministri wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Yraga tebigy gaz eksporty Nýu-Ýorkda maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Karahandepe we Göbeklidepe – täze açyşlar

Ata Watan Eserleri