DÜNÝÄ

Bahasy ýene 32 göterim ýokarlandy

Dünýäde iň gymmatbaha metal bolan rodiý elementiniň bahasy 2020-nji ýylda ozalkysyndan 32 göterim gymmatlady. Häzir onuň bir unsiýasy 7975 dollara durýar diýip, «Bloomberg» habar berýär.

Neşiriniň ýazmagyna görä, bu gymmatlamanyň sebäbi dünýäde awtoulaga bolan gyzyklanmanyň peselmegidir. Çünki rodiý çykaryndy gazlaryň katalitik neýtralizatorlaryndan alynýar.

Mahlasy, bu metal soňky dört ýylda 12 gezek gymmatlady. Onuň bahasy 2008-nji ýylda rekord derejä ― 10 müň dollara çykypdy. Bilermenler şu bahanyň rekorddan hem aşjakdygyny aýdýarlar.

Related posts

Mustafa Kemal Atatürk Türkmenistan’da da Anılacak

vepa

Beýik Britaniýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmen-britan hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Ata Watan Eserleri