DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyrýan ilkinji resmi saparynyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasan bile duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky möhüm ugurlar boýunça pikir alyşdylar.

Malaýziýanyň “Bernama” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilelikdäki topary döretmek teklibine garadylar.

Şeýle hem taraplar nebit we gaz pudagy bile bir hatarda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Related posts

Türkmenistan Devlet Başkanı, toplu bisiklet turuna katıldı

vepa

Gazagystanyň Prezidenti Özbegistanda döwlet saparynda bolar

Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk binasyna gül goýdy

Ata Watan Eserleri