DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň arasyndaky duşuşyk

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň konsuly Taýler Stodart bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda döwletleriň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň hoşniýetli erkine daýanýan migrasiýa babatyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de iki dostlukly halkyň bähbidine işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistan bilen Hytaý resminamalara gol çekişdi

 

 

 

Related posts

Tailand täze Premýer-ministrini saýlady

Makron: Fransiýa Ýewropanyň emeli aň merkezi bolar

Ata Watan Eserleri

Gazagystan Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri