DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýewiň Rumyniýanyň daşary işler ministri hanym Oana-Silwiýa Sioýu bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy, söwda-ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwer we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Köptaraplaýyn özara hereketleriň meselelerine, Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň öňe sürülmegine, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn özara hereketleriň giň gerimli meselelerini, şol sanda ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny ösdürmegi, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegi, parlamentara gepleşikleri ösdürmegi we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegi maslahatlaşdylar.

Medeni-ynsanperwer, bilim we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhümligi aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da berjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

«Artyk» hem-de «Garabogaz» gümrük nokatlary döwrebaplaşdyryldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Ženewa şäherinde iş saparynda boldy

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşdy

Türkmen-hytaý işewürler forumyny yzygiderli geçirmäge gyzyklanma döredi

Türkmenistan “ýaşyl energiýa” babatda Azerbaýjanyň tejribesini ornaşdyrýar

Putiniň Hytaýa 25-nji sapary: 40 resminama gol çekildi