DÜNÝÄ

Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumy geçirildi

Paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasynyň bilelikde guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumy geçirildi.

Onuň işine degişli ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň, zähmeti goramak we kärdeşler arkalaşyklarynyň işini utgaşdyrmak boýunça ýöriteleşen halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Zähmet bazarynda bolup geçýän üýtgeşmeler, sanlylaşdyrmak, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, hünärmenleri taýýarlamak meseleleri, işgärleriň zähmet we durmuş goraglylygy kärdeşler arkalaşyklaryndan täzeçil çemeleşmeleri we ýakyn hyzmatdaşlygy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, sebitara forumyň diňe bir özara pikir alyşmak üçin däl, eýsem, geljekki hyzmatdaşlyk üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Şunda ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň toplan tejribesi uly ähmiýete eýedir.

Maslahatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli ugurda ýeten sepgitleri barada-da giňişleýin durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, olaryň işini ösdürmekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça gazanylan üstünlikler, işgärleriň zähmet hukugy babatda bilimlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler duşuşyga gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Related posts

Pakistanyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

Filipinler, Türkmenistan’a büyükelçi atadı

vepa

Döwran Saburow “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy başlygy wezipesine bellendi