DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasy küşt boýunça ýaryş geçirdi

2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Waşingtondaky Ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ömrüni we mirasyny bellemek üçin ajaýyp meýdança öwrülen küşt boýunça ýaryş gurady. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Türkiýäniň, Russiýa Federasiýasynyň, Gruziýanyň we Belarusiýanyň diplomatlary gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Ilçi Meret Orazow Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada çykyş edip, türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň edebi mirasynyň aýratyn ähmiýetini nygtady.

Duşuşygyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň edebi eserleri bilen bilelikde, türkmen edebiýatyny we medeni mirasyny şöhlelendirýän sergi guraldy.

Çäräniň ahyrynda ýaryşyň ýeňijilerine Magtymguly Pragynyň kitaplary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Related posts

Merkezi Aziýa döwletleriniň Konsultatiw duşuşygy başlady

Ata Watan Eserleri

Abdel Fattah as-Sisi täzeden Müsüriň prezidentligine saýlandy

Ozalky daşary işler ministri wise-prezident boldy