DÜNÝÄ

Türkmenistan halkara maýadarlaryny nebitgaz pudagyndaky taslamalara gatnaşmaga çagyrýar

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme forumyň öz işine başlady.

Parižde geçirilýän forumyň maksady, Türkmenistanyň energiýa pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň  Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew forumda eden çykyşynda belläp geçdi.

Begliýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan halkara maýadarlaryna dünýädäki iň uly gury ýer ýatagy – “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgazly ýataklary özleşdirmek, Gün we ýel energiýasyny netijeli ösdürmek, ygtybarly, durnukly, ekologiýa taýdan arassa energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna üpjün etmegi teklip edip biler.

Türkmenistanyň Milli ösüş Maksatnamasyna laýyklykda ýakyn wagtda ýurduň nebitgaz toplumynda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bilen birnäçe iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýär diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň geňeşçisi belläp geçdi.

Şeýle hem Begliýew bu taslamalara gatnaşmak üçin özara peýdaly hyzmatdaşlygyň birnäçe görnüşiniň teklip edýändigini aýtdy.

 

Related posts

Türkmenistanda Özbegistanyň kino günleri geçirilýär

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 2 aýynda 44 duşuşyk guraldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Eýran demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygy artdyrmagy ylalaşdylar