JEMGYÝET

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisi 22-nji maýda Aşgabatda geçiriler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabatda geçiriler. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistan üstümizdäki ýylda bu gurama başlyklyk edýär. Aşgabatda geçiriljek duşuşygyň gün tertibiniň taslamasynda 12 sany mesele göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň agzalary ilki bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky ykdysady özara hereketleriň möhüm meseleleri boýunça pikir alşarlar hem-de 2026-njy ýyla çenli döwür üçin geodeziýa, kartografiýa, giňişlik maglumatlary ulgamynda döwletara hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň jemlerini jemlärler.

Giňişleýin düzümde GDA ýurtlarynyň kongres-sergi işi, dag-magdan senagaty toplumynyň pudaklarynyň sanly transformasiýasy, ulag, radionawigasiýa we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyga degişli çözgütleri kabul etmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, 2027-nji we 2028-nji ýyllarda GDA-nyň Ýaşlar paýtagtlaryny yglan etmek hakynda Çözgüt kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanda birnäçe kodekslere we kanunlara üýtgetmeler giriziler

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “BMG-niň oýunlary-2026” badalga aldy

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini gutlady