JEMGYÝET

Aşgabatda “Stambul prosessiň” tehniki toparlaryň duşuşygy geçirildi

2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Owganystana ýardam bermek boýunça Stambul prosessiň çäklerinde “Sebit infrastrukturalary” atly ynamy berkitmek çärelerine gatnaşýan ýurtlaryň sebitara tehniki toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi.

Bu mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçylary we wekilleri, “Stambul prosessine” gatnaşyjy döwletleriň, şeýle-de bu başlangyjy goldaýan halkara guramalaryň ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyk ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýardam bermeginde gurnaldy.

Öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýew Owganystanda howpsuzlygy we durnuklylygy kesgitleýän faktor bolup hut infrastruktura taslamalaryň çykyş edýändigini belledi. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrikgeçiriji liniýasynyň gurulmagy ýaly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine milli derejede uly üns berilýär.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar taslamalaryň we ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyna seredip geçdiler, sebitdäki häzirki ýagdaý barada pikir alyşdylar hem-de “Stambul prosessiniň” esasy maksadyny – sebit hyzmatdaşlygyny geljekde ösdürmek, gepleşikleriň we ynamy berkitmek çäreleriň üsti bilen Owganystana gönükdirilen (Owganystan bilen bagly) ykdysady we syýasy gatnaşyklary amala aşyrmak işlerini dowam etmek hakynda ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty başlaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Sara B. Rojersiň “Atavatan Media” toparynyň beren sowalyna jogaby

Sara Rojers “Ata Watanyň” sowalyna jogap berdi: Türkmenistan bilen bilim hyzmatdaşlygy ösdüriler

Aşgabatda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi

Sara Rojers:Türkmenistana bolan gyzyklanma barha artýar