JEMGYÝET

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi. Belent mertebeli myhmany Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Annamämmedow garşylady.

Sadyr Žaparow bu saparyň çäklerinde türkmen paýtagtynda geçirilýän Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşar.

Saparyň çäklerinde geçiriljek ikiçäk duşuşyklarda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga degişli meseleleriň giň toplumyna serediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady