JEMGYÝET

“9”-lyk sanyň syrlary

Ähli zadyň syry, gyzykly täsinlikleri bolşy ýaly sanlaryň hem syrlarynyň bardygyny bellemek gerek. Numerologiýa sanlary öwrenýän ylym bolup, sanlaryň köpçülik tarapyndan görünmeýän, üns berilmeýän taraplaryny gözleýär diýsek ýalňyşmarys.

Geometriki figuralarda sanlaryň aňladýan manylary bar. Meselem: 1 – şöhle, 2 – burç, 3 – üçburçlyk, 4 – inedördül we ş.m. Durmuşda bolsa täk sanlaryň, ýagny 1, 3, 5, 7, 9 manylaryna seredeliň. 1 – Hudaýyň ýekeligi, 3 – wagtyň görnüşleri  (düýn, şugün we ertir), 5 – adamyň 5 şekili (2 aýak, 2 el we kelle), 7 – hepdäniň günleri. Ýöne bu sanlar diňe ýeke-täk manyny berýän bolsa, 9-lyk sanyň syrlary we manylary köp.

1-nji syr. Indi elimize kagyz we galam alyp, 9-lyk tablisany ýazyp, “=”-den soň ýokardan aşak 1-den 9-a çenli sanlary, soňra bolsa yzyndan aşakdan ýokara 1-den 9-a çenli sanlary ýazalyň. Şonda köpeltmek hasylynyň jogaplary garaşylmadyk ýagdaýda emele geler.

9*2=1                                             9*2=18

9*3=2                                             9*3=27

9*4=3                                             9*4=36

9*5=4                                             9*5=45

9*6=5                                             9*6=54

9*7=6                                             9*7=63

9*8=7                                             9*8=72

9*9=8                                             9*9=81

 

2-nji syr. 81 öýjüge 9-lyk tablisany ýerleşdireliň.

 

1 2 3 4 5 6 7 8 9
2 4 6 8 10 12 14 16 18
3 6 9 12 15 18 21 24 27
4 8 12 16 20 24 28 32 36
5 10 15 20 25 30 35 40 45
6 12 18 24 30 36 42 48 54
7 14 21 28 35 42 49 56 63
8 16 24 32 40 48 56 64 72
9 18 27 36 45 54 63 72 81

 

Indi bolsa 2-nji setirden başlap ähli hatardaky jübüt sanlary özlerine goşalyň.

2 4 6 8 10 12 14 16 18
2 4 6 8 1+0 1+2 1+4 1+6 1+8

 

Alynýan jogap: 2, 4, 6, 8, 1, 3, 5, 7, 9. Ähli setirleri goşanymyzdaky alnan jadyly görnüş emele gelýär. Onda soňky setirde we sütünde 9-lygy görmek bolýar.

 

1 2 3 4 5 6 7 8 9
2 4 6 8 1 3 5 7 9
3 6 9 3 6 9 3 6 9
4 8 3 7 2 6 1 5 9
5 1 6 2 7 3 8 4 9
6 3 9 6 3 9 6 3 9
7 5 3 1 8 6 4 2 9
8 7 6 5 4 3 2 1 9
9 9 9 9 9 9 9 9 9

 

3-nji syr. 9-lyk sanyň üstüne haýsy sany goşsak, alnan jogaby bir-birine goşanymyzda, goşan sanymyzyň özi emele gelýär. Meselem:

9+1=10; 1+0=1;

9+2=11; 1+1=2;

9+3=12; 1+2=3;

9+4=13; 1+3=4;

9+5=14; 1+4=5 we beýlekiler.

 

Iki we ondan köp belgili sanlary goşanymyzda bolsa goşan sanymyz bilen alnan jogapdaky sanlaryň jemi meňzeş bolýar.

9+18=27; 1+8=9; 2+7=9;

9+168=177; 1+6+8=15; 1+7+7=15;

9+1247=1256; 1+2+4+7=14; 1+2+5+6=14 we beýlekiler.

 

Edil goşmak amalynda bolşy ýaly, köpeltmek amalynda diňe 9-a çenli sanlary köpeldenimizde hem şeýle. Meselem:

9*2=18; 1+8=9;

9*3=27; 2+7=9;

9*4=36; 3+6=9;

9*5=45; 4+5=9 we ş.m.

 

4-nji syr. Matematikada ulanylýan burçlary, ýagny 3600, 1800, 900, 450 hemmämiz bilýäris. Ýöne şu sanlary hem biri-birine goşanymyzda 9-ň emele gelýändigini üns beremizok. Meselem: 3600=3+6+0=9; 1800=1+8+0=9; 900=9+0=9; 450=4+5=9.

Taýýarlan Baýgeldi ÇARYÝEW

Magtymguly adyndaky Türkmen

döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň

meteorologiýa hünäriniň IV ýyl talyby.

 

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri