JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikiçäk duşuşdy

Astana şäherinde döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen ikiçäk gepleşikler geçirdi diýip, Akordanyň metbugat gullugy habar berýär.

“Hormatly Prezident Serdar Gurbangulyýewiç, size Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen geleniňiz üçin tüýs ýürekden mähirli salamymy beýan edýärin. Biz bu sapary sabyrsyzlyk bilen garaşdyk, sebäbi Türkmenistan biziň üçin strategik hyzmatdaş, doganlyk döwlet bolup durýar, biz bolsa iň ýakyn goňşularyz. Bizi müňýyllyklara uzaýan dostluk, taryhy geçmiş, dil hem-de medeniýet birleşdirýär. Döwletlerimiz arasyndaky söwda üstünlikli ösýär, ykdysady hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary ýaly, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem ösdürilýär. Ýurtlarymyz arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimi we derejesi boýunça doly kanagatlanma duýgusyny beýan etmäge ähli esaslar bar. Bu hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe, emma muňa garamazdan, öňe tarap hereket etmeli. Gün tertibinde örän möhüm meseleler bar, olar şu gün öz çözgüdini tapar” diýip, Tokaýew belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hem öz gezeginde Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk iberendigi üçin çyn ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

“Maňa we wekiliýetimiziň agzalaryna bildirilen myhmansöýerlik üçin size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň. Şeýle hem hormatly türkmen halkynyň Milli Lideri Gurban­guly Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny ýetirmegi isleýärin. Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryniň dostluk, doganlyk we goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan giňişleýin hyzmatdaşlyk hökmünde üstünlikli ösýändigini bellemek isleýärin” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ýene-de okaň

35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini bedew baýramy bilen gutlady

Rustam Minnihanow: Tatarystan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde Russiýanyň esasy merkezi

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy