MEDENIÝET

ABŞ-nyň Getti muzeýiniň wekilleriniň Türkmenistana sapary

ABŞ-nyň Los-Anželes şäherindäki Žan Pol Getti muzeýiniň  wekilleri Türkmenistanda saparda bolýar. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, ABŞ-nyň muzeýi bilen Türkmenistanyň Döwlet muzeýi bilen gadymy Merwde tapylan Buddanyň heýkelini rejelemek işi boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Amerikan muzeýiniň wekilleri 22-28-nji ýanwar aralygynda ýurdumyzda saparda bolýarlar. Ol saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde geçirilen tanyşdyrylyş çäresine gatnaşdy. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň habarçysynyň hem gatnaşan çäräsine ýurdumyzyň muzeýleriniň işgärleri, şeýle hem taryhçy alymlar we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

ABŞ-nyň Getti muzeýiniň wekilleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky llçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň 30-njy taslamasynyň çäklerinde birnäçe gezek ýurdumyzda saparda bolarlar.

ABŞ-dan gelen hünärmenler Sýuzanna Gensike, Fabio Kolombo we Žuzeppe Salemi bu ýadygärlik boýunça maglumat bererler we ony rejelemek babatda usullary boýunça çykyş etdiler.

Şeýle hem amerikaly hünärmenler Medeniýet institutynyň talyplary bilen duşuşyp, olar bilen taryhy ýadygärlikleri rejelemek boýunça pikri alşarlar.

 

 

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy