SPORT

Dünýä çempionaty: Germaniýa Kýurasaony 7:1 hasabynda utdy

Germaniýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Kýurosaonyň milli ýygyndy toparyny 7:1 hasabynda ýeňdi. E toparynyň duşuşygy ABŞ-nyň Houston şäherinde geçirildi.

Dört gezek dünýä çempiony bolan Germaniýa ýygyndysynyň düzüminde Feliks Nmeçaa (6-njy minut), Niko Şlotterbek (38), Kaý Hawers (45+5 — penaltiden, 88), Jamal Musiala (47), Nataniel Brown (68) we Deniz Undaw (78) tapawutlandy.

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek çykyş edýän Kýurasao topary hem bir pökgini geçirmegi başardy. 21-nji minutda Liwano Komenensia gol geçirdi.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy hökmünde Germaniýa ýygyndysynyň hüjümçisi Kai Hawers saýlandy

Niderlandlaryň milli ýygyndysy bilen Ýaponiýanyp milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyryndaky duşuşykda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Duşuşyk ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Dallas şäherinde geçirildi.

Niderlandlar toparynyň gollaryny Wirgil wan Daýk (50-nji minut) we Krisensio Sammerwil (64-nji minut) geçirdiler.

Ýaponiýa ýygyndysynyň düzüminde bolsa Keito Nakamura (57-nji minut) we Daiçi Kamada (89-njy minut) tapawutlandy.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy hökmünde Niderlandlar ýygyndysynyň goragçysy Wan Deýk saýlandy.

Iki topar hem F toparynda çykyş edýär we ilkinji tapgyrdan soň hersi 1 utuk toplady.

“F” toparçada Şwesiýa bilen Tunis duşuşdy we bu duşuşyk 5:1 hasabynda Şwesiýanyň peýdasyna tamamlandy.

Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyryndaky duşuşykda Ekwadoryň ýygyndy toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Filadefiýa şäherinde geçirildi.

Duşuşygyň ýeke-täk goluny 90-njy minutda Amad Diallo geçirdi.

Toparlar “E” toparçasynda çykyş edýärler. Bu toparda, şeýle hem, Germaniýanyp we Kýurasaonyň ýygyndylary hem bar.

Ýene-de okaň

Kabo-Werdeniň derwezeçisi “Instagramda” 5,5 milliona yzarlaýja ýetdi

Erwe Renar dünýä çempionatynda Tunisiň ýygyndysyna tälim berer

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini

Tunis çempionat döwründe baş tälimçisini wezipesinden boşatdy

Mark Kukurella “Real Madrid” toparyna geçdi

Jastin Geýj Ak tamda Iliýa Topuriýany ýeňip, UFC-niň ýeňil agram derejeli çempiony boldy

Ata Watan Eserleri