SPORT

Lionel Messi 39 ýaşady

Şu gün, 24-nji iýunda, Argentinanyň milli ýygyndysynyň we ABŞ-nyň «Inter Maýami» klubynyň hüjümçisi Lionel Messi 39 ýaşady.

Argentinaly futbolçy iň uly şöhraty we meşhurlygy «Barselona» klubynda çykyş eden döwründe gazandy. Ol bu toparyň düzüminde Ispaniýanyň çempionatynda we Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy, şeýle hem 8 gezek «Altyn pökgi» baýragynyň eýesi boldy.

Şu günlerde dowam edýän 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda Messi ýaryşyň taryhyndaky iň netijeli hüjümçi boldy. Tejribeli futbolçynyň hasabynda 18 gol bar, bu görkeziji Germaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Miroslaw Kloze we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappeden iki gol köpdür. Kloze bilen Mbappe hersi 16 gol geçirdi.

Ýene-de okaň

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi