SPORT

Türkmen türgenleri kikboksing boýunça Dünýä kubogynda 14 medal gazandy

Türkmenistanyň kikboksing boýunça milli ýygyndysy Bangkokda geçirilen “Taýlandyň 1-nji Dünýä kubogy – 2025” (1st Thailand Kickboxing World Cup 2025) ýaryşynda 14 medal gazandy. Bu barada ýurdumyzyň Kikboksing Federasiýasynda habar berildi.

7-12-nji aprel aralygynda WAKO halkara kikboksing Federasiýasynyň howandarlygynda geçirilen bu ýaryş dünýäniň 40-a golaý döwletinden 800 töweregi türgeni bir ýere jemledi. Kikboksçylar “Full Contact”, “Low Kick”, “K-1”, “Kick Light”, “Light Contact” hem-de “Point Fighting” boýunça güýç synanyşdylar.

Ýurdumyzyň adyndan Türkmenistanyň Kikboksing boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Orazmuhammet Kömekowyň ýolbaşçylygynda jemi 13 türgenimiz çykyş etdi.

Netijede, kikboksçylarymyz bu ýaryşda 7 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç medal gazanmagy başardylar. Toparlaýyn esasda 8-nji orny eýelediler.

Altyn medallar:

  • Nurmuhammet Joraýew (57 kg agramda, Kick-light)
  • Kirill Woýewodin (57 kg agramda, Low-kick)
  • Hangeldi Atabaýew (51 kg agramda, Low-kick)
  • Akmyrat Akmyradow (67 kg agramda, Low-kick)
  • Guwanç Mahmudow (54 kg agramda, K-1)
  • Guwanç Babaýew (51 kg agramda, K-1)
  • Muhammedaly Orazmuhammedow (37 kg agramda, Creative form)

Kümüş medallar:

  • Orazmuhammet Kömekow (91 kg agramda, K-1)
  • Raşit Geldimämmedow (63,5 kg agramda, K-1)
  • Yhlas Babaýew (60 kg agramda, Low-kick)
  • Muhammedaly Orazmuhammedow (37 kg agramda, Musical form)

Bürünç medallar:

  • Agamyrat Amangeldiýew (60 kg agramda, Full contact)
  • Geldimyrat Hojalyýew (81 kg agramda, Low-kick)
  • Muhammedaly Orazmuhammedow (37 kg agramda, Point fighting)

Kikboksing ýurdumyzda sportuň iň meşhur görnüşleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagtda 5000-den gowrak türgen bu sport bilen meşgullanýar. Türkmen kikboksçylarynyň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri ýylsaýyn artýar.

Related posts

Lamelanyň ýatdan çykmajak goly

Serdar Azmun “Marsel” toparyna geçip biler

Türkmen türgenleri Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynda altyn we bürünç medallara mynasyp boldular