“Mançester Siti” topary futbol boýunça iňlis ligasynyň kubogynyň final duşuşygynda “Arsenaly” 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk “Uembli” stadionynda geçirildi.
Ýeňiji bolan toparyň düzüminde Niko O’Raýli iki gol geçirdi (60-njy we 64-nji minutlar).
“Mançester Siti” dokuzynjy gezek iňlis ligasynyň kubogynyň ýeňijisi boldy. Ýaryşyň rekordçysy 10 gezek ýeňiş gazanan “Liwerpuldyr”. “Arsenal” bolsa bu kubogy 1987-nji we 1993-nji ýyllarda eýeläpdi. London topary Liganyň kubogynyň finalynda iň köp utulan topar boldy — “Mançester Sitiden” asgyn gelmegi olar üçin ýedinji şowsuzlykdyr.
Iňlis ligasynyň kubogynyň geçen möwsüminiň finalynda “Nýukasl” “Liwerpuly” (2:1) hasabynda ýeňipdi. Bu topar üçin ýaryşyň taryhyndaky ilkinji ýeňiş bolupdy.
Liganyň kubogy 1960-njy ýyldan bäri geçirilip gelýär, oňa ýurduň çempionatynyň dört sany iň ýokary diwizionynyň klublary gatnaşýarlar.
Şeýle hem Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň düzüminde çykyş edýän özbegistanly futbolçy Abdukodir Husanow bu topar bilen ilkinji kubogyny gazandy.
