SPORT

Angliýanyň Futbol kubogynyň dowam etjek günleri belli boldy

Futbol boýunça Angliýanyň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň başlanjak günleri hem mälim boldy.

Ýurduň Futbol assosiasiýasynyň habaryna görä, çärýek final duşuşyklary 27-28-nji iýun günleri geçiriler.

Ýarym final duşuşyklaryny bolsa 18-19-njy iýulda geçirmek meýilleşdirilýär. Ýaryşyň ýeňijisi 1-nji awgustda belli bolar.

Angliýanyň Futbol ligasynyň çärýek finalynda «Lester» ― «Çelsi», «Nýukasl» ― «Mançester Siti», «Şeffild» ― «Arsenal» we «Norwiç» ― «Mançester Ýunaýted» duşuşyklary geçiriler.

Related posts

Ronaldo Messiniň ýerine geçmekçi

Ata Watan Eserleri

Futbol taryhynyň iň çalt goly hasaba alyndy

“Adidas” muşdaklary üçin täze önüm