MEDENIÝET

120 million dollarlyk eser

Norwegiýaly meşhur suratkeş Edward Munkuň «Gykylyk» atly eseri 120 million dollara satyldy. Bu eseriň eýesi hem meşhur şahsyýetleriň biridir. Ol Roman Abramowiçiň hut özi. Angliýanyň “Çelsi” toparynyň eýesi, belli işewür bu eseri satyn aldy.

Gadymy surat eseri “Sotheby’s” söwda öýünde satyldy. Söwda satuwy 15 minut dowam etdi. Bu surat eseri üçin 50 million dollar başlangyç baha kesgitlendi.

Norwegiýaly suratkeş “Gykylyk” eserinden 4 nusga çekdi. Diňe olaryň biri iň bir tarapyndan satyn alnypdy. Şol eseri bu gezek Roman Abramowiç satyn aldy.

“Gykylyk” 1893-1910-njy ýyllar aralygynda Edward Munkuň çeken suratlar toplumy. Suratlarda gyzyl asmana garşy gygyrýan adam şekili şekillendirilýär.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy