«Agaç kökünden suw içer» diýlişi ýaly, ýaşajyk Akmyradyň hem zehin yzgary kakasy Berdibaý Berdiýewden (il içinde Osman bagşy diýip tanalýar) owaz-heň alyp gaýdýar. Berdibaý aga Boldumsaz etrabynyň Abadanlyk geňeşligindäki Gum obasynda ýerleşýän 71-nji orta mekdepde aýdym-saz mugallymy bolup işledi. Osman bagşynyň öýünde her gün dutaryň owazy ýaňlanyp duransoň, Akmyratjygam kiçijik dutarly bolup oturyberdi. Aýdym-saza uly höwesini duýup, daýysy Baýramgylyç Arazgylyjow 5-nji synpda okap ýören ýegeniniň elinden tutup, Gubadag şäher çagalar sungat mekdebine getirdi. Bu ýerde halypa mugallym Begenç Gutlyýew Akmyradyň eline dutar berip, saz üşügini barlap gördi. Akmyrat «Mekdebim» diýen sazy çalyp, halypa synagyndan üstünlikli geçdi. Ýaşajyk Akmyrada mugallymlar Wepa Nurmuhammedow, Şasenem Kakyşowa, Annamyrat Arazmyradow, Sapargeldi Ysmaýylow, Atajan Täzebaýew dagy bagşyçylygyň gizlin syrlaryny irmän-arman öwretdiler. Ýöne gyjagyň näzik owazy ýüregi päkize oglanjygyň elinden çekdi-de, özüne kökerdi. Akmyrat şeýdip gyjak bilen imrinip gidiberdi. Ol sungat mekdebinde dessançy oglan-gyzlardan döredilen ansamblda ýeke-täk gyjakçy-sazanda boldy.
2013-nji ýylda welaýat derejesinde geçirilen «Berkarar döwletiň bagtyýar zehinleri» atly bäsleşikde bu ansamblyň 2-nji orna mynasyp bolmagy Akmyrady aýdym-saz äleminde guwwas edip ýüzdürip başlady. Ol çagalar sungat mekdebinde okaýarka, okuwyň daşyndan Türkmenistanyň halk bagşysy Tüýli Otuzowyň ýanyna gatnap, ondan dutar hem gyjak çalmagyň tärlerini ykjam öwrendi. Halypa bagşynyň agtygy Batyr Tüýliýew bilen toý-dabaralarda bile çykyş etmegi, ýaş sazandanyň gyjaga ezberligini has-da artdyrdy. Gyjakçy ýigit Akmyrat Rejebow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol goja halypa bagşy barada şeýle ýakymly sözleri aýtdy:
— Halypa bir heňi telim gezek gaýtaladardy. «Barmagyň ymykly ýerine barsyn» diýerdi. Säwlik goýberseň gaharlanmazdy. Maňa: «Oglum» diýip ýüzlenensoň, bir gün mährim gidip, «Ata» diýenimde, ol: «Jan-a, oglum» diýip, meniň başymy sypalapdy. Özem garrylygyna seretmezden örän galdawdy. Öwretmeli dersiniň kemini goýmazdy. Ýadaman esewanlyk ederdi. Gyjagyň diňlenilip, duýgy bilen çalmalydygyny öwran-öwran aýdardy. Muny halypa gyjagyň perdesizligi üçin däl-de, sazy «gapyp almak» ukybyňy ösdürmek üçin şeýderdi. Şonuň üçinem ol hüşgärligi, dykgatlylygy ilkinji orunda goýýardy. Halypadan az wagt öwrenenem bolsam, ol sapaklar bütin ömrüme hakyky saz nusgasy bolup galdy.
Çagalygyndan gözüni açyp göreni dutar hem gyjak saz guraly bilen ýigitlige ýeten A.Rejebow toý-baýramçylyga ilkinji gezek kakasynyň, soňra-da obadaş bagşylary: Arazmyrat Tüýliýewiň, Ýagşygeldi Iljanowyň, Kakamyrat Pirjanowyň, Batyr Tüýliýewiň ýanynda gyjak çalýar. A.Rejebow çagyryş boýunça harby gullukda bolanda-da gyjagyny ýanyndan goýmaýar. Onuň gyjagynyň owazyny eşitmedik serkerde hem esger galmaýar. Şol döwürde ol radiodan belli gyjakçylar Saparguly Işangulyýewiň, Aýmämmet Aşyrowyň, Ata Ablyýewiň, Garýagdy Alyýewiň, Annageldi Jülgäýewiň gyjak heňlerini ürç edip öwrenýär. Mundan başga-da meşhur Çuwal bagşynyň ogly Jumaguly Magtymgulyýewiň ses ýazgylaryny diňläp, tejribesini has-da artdyrýar. Akmyrat, ylaýta-da, ussat gyjakçy Sapar Bekiýewiň saz çalyş usulyny, heň öwrümlerini bütin düýrmegi bilen öwrenip, ýat bekleýär.
Gullugy tamamlanyndan soň, paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebinde okaýar. Okuwy tamamlanyndan soň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň «Türkmen sährasy» döredijilik toparyna işe çagyrylýar. Bu iş bilen ugurdaşlykda türkmen telewideniýesiniň «Ýaşlyk» teleýaýlymynda «Tebigatyň ylhamy» atly gepleşigi taýýarlaýar hem teleýaýlymlarda alypbaryjy bolýar. Tebigaty goramak jemgyýetiniň yglan eden «Tebigata söýgi — Watana söýgi» atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolmagy A.Rejebowy gyjak bilen ymykly ysnyşdyryp, halk aýdym-sazlaryny kämil çalmaga iterýär. Şeýlelikde, ol Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Döwletgeldi Durdyýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Agamyrat Sagtyýewiň we bagşylar Şäher Täjowyň, Şatlyk Nurgeldiýewiň ýanynda gyjakda sazandarlyk edýär.
2024-nji ýyl A.Rejebowyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka bolýar. Ol S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby bolýar. Ýaş zehinli gyjakçynyň bu ýerde-de gyjagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent waspçysy bolup saýraýar. Häzirki wagtda uniwersitetiň «Altyn asyr aýdym-saz medeniýet merkezinde zehini taplanýan A.Rejebowyň gyjakda sazandarlyk etmeginde milli aýdym-sazlarymyz täze röwüşde ýaňlanýar. Dessançylyk sungatyna köňül goýan gyjakçy dessan aýtmagyň-da inçe syrlaryny öwrenýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine hem-de ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna döredýän giň mümkinçilikleri A.Rejebowyň kämillige uzaýan sungat ýoluny Gün kimin şuglalandyrýar.
Süleýman ILAMANOW, «Edebiýat we sungat».
