JEMGYÝET

Şu ýyl Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýokary we iň ýokary derejeli saparlary, şeýle hem iki doganlyk ýurduň liderleriniň hem-de wekilleriniň arasyndaky duşuşyklary guramak meselelerine aýratyn üns berildi.

Diplomatlar şu ýyl üçin meýilleşdirilen çärelere, şol sanda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek mümkinçilikleri hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýyl Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Taraplar Gündogar senenamasy boýunça şu ýylyň bedew ýylydygyny we Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyň mekany» şygary astynda geçirilýändigini nygtap, atçylyk sungaty we atçylyk sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi