JEMGYÝET

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Sebitleýin we halkara meseleleriniň birnäçesine seredilip geçildi, şeýle hem öň gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde 2026-njy ýylda işleri durmuşa geçirmegiň nobatdaky ädimleri kesgitlendi.

Diplomatlar şeýle hem Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna degişli meseleleriň hem üstünde durup geçdiler.

Related posts

Arkadag şäher kazyýeti döredildi

Türkmenistan bilen Eýran parlamentara toparyny döreder

Türkmenistan-İsrail siyasi istişareler

vepa