JEMGYÝET

Energetika pudagynda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Dubaý şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabi Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar gaz pudagynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.

Taraplar häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalar barada pikir alyşdylar, şeýle hem hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek maksady bilen geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda ileri tutulýan ugurlar boýunça yzygiderli özara gatnaşyklary üpjün etmek üçin iki ýurduň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we berkitmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Related posts

Beýl ahyr-soňy Hytaýa gaýtdy

vepa

Ýewro-2020: 21-nji iýundaky duşuşyklar

Türkmen-Türk Okulunda Çocuk Bayramı

vepa