JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasyna bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Kul welaýatynyň Çolpon-Ata şäherine bardy.

Gyrgyz metbugatynyň habaryna görä, Tükrmenistanyň Prezidentini “Yssyk-Kul” halkara howa menizlinde Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow garşylady.

Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Kul welaýatynyň Çolpon-Ata şäherinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ýolbaşçylygynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirilýär.

Bu sammitiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler we birnäçe resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

 

Gyrgyzystan-Özbegistan-Gazagystan resmi däl duşuşyk

Related posts

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy

Moskwada II Hazar ykdysady forumy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Şu gün Türkmenistanyň tebigy gazy Türkiýä barar