TEHNOLOGIÝA

Awstraliýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin jemgyýetçilik torlar gadagan edildi

Awstraliýanyň hökümeti 10-njy dekabrdan başlap, jemgyýetçilik torlaryny 16 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin öz platformalaryna girmäge doly ýapmak üçin “düýpli çäreleri” durmuşa geçirmäge borçly etdi. Bu barada “BBC” neşiri habar berýär. Bu ugurda “Facebook”, “Instagram”, “Snapchat”, “Threads”, “TikTok”, “X”, “YouTube”, “Reddit”, şeýle hem “Kick” we “Twitch” ýaly torlar bu ugra degişli bolar.

Çagalaryň häzirki hasaplary pozulmaly ýa-da işjeňligi ýatyrylmaly. Bu ýurt dünýäde şeýle berk gadaganlyk kabul edilen ilkinji ýurt boldy we bu başlangyç köp sanly ene-ata tarapyndan goldanylýar.

Hökümet sosial torlaryň çagalar üçin düýpli howplary döredýändigini düşündirýärler: platformalar ekranlaryň öňünde has köp wagt geçirmäge itergi berýär, bu bolsa ýetginjekleriň saglygyna we duýgy ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär.

Ýylyň başynda hökümetiň tabşyrygy bilen geçirilen gözleg 10-15 ýaşly çagalaryň 96% -iniň sosial torlary ulanýandygyny we olaryň 70% -iniň zyýanly mazmun bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny görkezdi.

Şeýle hem, geljek ýyldan başlap, Malaýziýa çagalary goramak üçin sanly gurşawa gözegçiligi güýçlendirýän ýurtlaryň mysalyna eýerip, 16 ýaşdan kiçi ulanyjylaryň sosial torlarda hasaba durmagyny gadagan etmegi meýilleşdirýär.

Şeýle hem Niderlandlaryň hökümeti 15 ýaşa çenli çagalara we ýetginjeklere “TikTok” we “Instagram” ýaly sosial torlary ulanmagy gadagan etmegi, çagalaryň ykjam enjamlaryň başynda geçirýän wagtyny berk çäklendirmegi maslahat berdiler.

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi