Keýn dünýä çempionatlarynda geçiren gollarynyň sany boýunça Peleni yzda galdyrdy we Fonten bilen deňleşdi.
Angliýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Garri Keýn çempionatyň taryhyndaky iň gowy hüjümçileriň sanawynda futbol boýunça ýeke-täk üç gezek dünýä çempiony bolan braziliýaly Peleni yzda galdyrdy.
Keýn Kongo DR-nyň toparyna garşy geçirilen 1/16 final duşuşygynda (2:1) iki gol urmagy başardy. Indi iňlis futbolçysynyň hasabynda 13 gol bar, Braziliýanyň ýygyndysynyň öňki hüjümçisinde bolsa 12 gol bardy.
“Bawariýanyň” hüjümçisi dünýä çempionatlarynda geçiren gollarynyň sany boýunça fransiýaly Žýust Fontene bilen deňleşdi.
Dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň gowy hüjümçileriň sanawynda birinji orunda argentinaly Lionel Messi barýar (19 gol). Keýnden we Fontenden köp gol geçiren beýleki futbolçylar: fransiýaly Kilian Mbappe (17), germaniýaly Miroslaw Kloze (16), braziliýaly Ronaldo (15) we germaniýaly Gerd Mýuller (14).
Keýn 32 ýaşynda. Ol 2023-nji ýylyň awgustyndan bäri Germaniýanyň “Bawariýa” toparynda çykyş edýär, şondan öň bolsa Angliýanyň “Tottenhem” toparynda oýnapdy.
Hüjümçi 83 gol bilen Angliýanyň ýygyndysynyň taryhyndaky iň gowy hüjümçidir.
