SPORT

Türkmen türgenleri Kuraş boýunça dünýä çempionatyna taýýarlanýarlar

Aşgabatda şu ýylyň 23 — 28-nji noýabry aralygynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Türkmenistanyň Kuraş göreşi federasiýasynyň “Türkmenistan” gazetine berýän maglumatyna görä, tälimçiler Dörtguly Tejenowyň we Şirin Kubaýewanyň ýolbaşçylygynda türkmen türgenleri taýýarlyk işlerini alyp barýarlar.

Baş tälimçiler 30 türgeni ýene-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna çagyrdylar. Türgenleşiklere 2-nji awgustda girişildi. 25-nji awgusta çenli ýurdumyzda türgenleşjek türgenlerimiz şol gün Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-köl sebitine sary ýola düşerler. Yssyk-köldäki türgenleşikler 17-nji sentýabra çenli dowam eder.

Türkmen türgenleriniň ýygyndysyna iýun aýynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň netijelerine laýyklykda, 30 türgen çagyryldy. Olaryň 14-si erkekler, 16-sy bolsa zenanlardyr. Türgenleriň aglabasy Aşgabat şäherine we Lebap welaýatyna wekilçilik edýär.

Dünýä çempionatynda erkekleriň arasynda ýedi, zenanlaryň arasynda bolsa sekiz agram derejesinde ýaryşlar geçiriler. Dünýä çempionatyna haýsy türgenleriň gatnaşjakdygyny tälimçilerimiz çempionata bir aý, 20 gün çemesi wagt galanda kesgitlärler.

Şeýle hem tälimçiler Aziýa oýunlaryna hem 6 türgen taýýarlady. Olaryň üçüsi erkekler, galan üçüsi hem zenan türgenlerdir. Aziýa oýunlary Hytaýda geçiriler.

Related posts

Gwardiola: Husanow geljekde güýçli futbolçy bolar

Ýewropa çempionatynda ilkinji ýarym final duşuşygy

Dünýäniň iň gowy halkara hüjümçisi

Leave a Comment