SPORT

Kibersport boýunça ilkinji Olimpiýa oýunlary geçiriler

2027-nji ýylda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde kibersport boýunça ilkinji Olimpiýa oýunlary geçiriler. Şu ýyl bu Olimpiýa oýunlary üçin saýlama ýaryşlaryna badalga berler.

– Taryhda ilkinji kibersport boýunça Olimpiýa oýunlary sportuň bu ugry boýunça möhüm waka bolup, şol bir wagtda Olimpiýa hereketi üçin hem wajypdyr. Bu oýunlary 2027-nji ýylda Er-Riýadda geçiriler we Olimpiýa ýaryşlaryna gatnaşmak üçin bäsleşiklere şu ýyl badalga berler – diýlip, Halkara Olimpiýa komitetiniň saýtynda habar berilýär.

Geçen ýyl Halkara Olimpiýa komitetiniň 142-nji sessiýasynda kibersport boýunça Olimpiýa oýunlary döredildi. Şonda bu oýunlary 2025-nji guramak meýilleşdirilipdi, ýöne ony 2027-nji ýyla süýşürildi.

Related posts

Döwletjan Ýagşymyradowyň nobatdaky tutluşygy 8-nji oktýabrda bolar

Rus we türk futbol toparlary haýyr-sahawat duşuşygyny geçirer

16 ýyldan soň çempion boldy

Ata Watan Eserleri