DÜNÝÄ

Özbegistanda ilkinji köpugurly traktor öndürildi

Özbegistanda ilkinji köpugurly traktor öndürildi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Habar berlişine görä, täze traktor Çirçik oba hojalyk maşyngurluşyk klasterinde taýýarlandy. Bu iri önümçilik toplumy 2021-nji ýylyň noýabrynda ýurduň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda döredildi. Täze toplum Çirçik oba hojalyk tehnikalary zawodynyň binaýdynda guruldy.

Çirçik oba hojalyk tehnikalary zaowdynyň binýadynda 5 sany maşyngurluşyk kärhanasynyň kuwwaty birleşdirildi. Munuň üçin 38 müň inedördül metrlik täze desga guruldy we 35 müň inedördül metrden gowrak bar bolan bina abatlandy.

Täze önümçilik klasterinde bir ýylda 15 müň traktor, tirkeg we beýleki tehnikalary öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde 1 müň täze iş orny döredildi.

Bu önümçilik toplumyna baryp gören Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew täze traktoryň işi bilen hem tanyşdy.

Özbegistanda oba hojalyk pudagyny ösdürmek üçin has köp oba hojalyk tehnikalaryna zerurlyk bar. Şonuň üçin bu önümçilik toplumynyň işini ilerletmek maksat edinilýär. Özbegistanda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi bilen şu ýylyň 6 aýynda 550 milion dollara barabar bolan miwe we gök önümleriň eksportuny ýakyn ýyllarda 2-3 milliard dollara ýetirmek maksat edinilýär.

Ýene-de okaň

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy