JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana döwlet sapary bilen bardy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy. Türkmenistanyň Prezidenti bu döwlet saparynyň çäklerinde Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Daşkent şäherindäki “Daşkent-Humo” halkara howa menzilinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew kabul etdi.

Halkara howa menzilinde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ikiçäk duşuşygy boldy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Soňra hormatly Prezidentimiziň hormatyna halkara howa menzilinde resmi garşylamak dabarasy geçirildi.

Related posts

Türkmenistan 2018 Bütçesi Görüşüldü

vepa

Çawuşogly: türkmen gazyny dünýä bazaryna çykarmak üçin iş topary dörediler

Ata Watan Eserleri

Hepdelik täleýnama (2-8-noýabr)

Ata Watan Eserleri