JEMGYÝET

Çawuşogly: türkmen gazyny dünýä bazaryna çykarmak üçin iş topary dörediler

Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammiti tamamlanandan soňra 3 ýurduň daşary işler ministrleri daşary we ýerli metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly sammitiň gün tertibiniň esasy wakalarynyň biriniň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat bolandygyny belledi.

Azerbaýjanyň tebigy gazyny Türkiýäniň üsti bilen dünýä bazaryna iberýändiklerini bellän Çawuşogly  Türkmenistanyň tebigy gazyny hem 3 ýurduň bähbidine boljak ýagdaýda dünýä bazaryna ibermek babatda degişli işleri amala aşyrmaga taýýardyklaryny belledi.

Bu ugurda 3 ýurduň işçi toparyny döretmek babatda ylalaşandygyny belläp, gol çekilen ähtnamanyň hem hyzmatdaşlygyň binýadyny döredýändigini mälim etdi.

Related posts

Türkmenistan: howa giňişligini peýdalanmaga mümkinçilik berýär

Iň baý 10 döwlet

vepa

Jemgyýetçilik kabul edişligi

Leave a Comment