JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana döwlet sapary başlandy

«Daşkent-Humo» halkara howa menzilinde döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow üçin resmi taýdan garşylamak dabarasy geçirildi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmany münbere çagyrdy.

Harby orkestriň ýerine ýetirmeginde iki ýurduň döwlet senalary ýaňlandy. Hormat garawuly döwlet Baştutanlarynyň öňünden dabara bilen geçdi.

Prezidentler resmi wekiliýetleriň agzalary bilen mähirli salamlaşdylar.

Saparyň esasy çäreleri ertir, 17-nji noýabrda geçiriler.

Ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda özbek-türkmen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk hem berkitmek hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Related posts

Dünýäniň baý işewürleriniň iş endikleri

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Italiýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň wise-premýerini kabul etdi