Ýaponiýa ABŞ-a söwda ylalaşygynyň şertlerine görä, 550 milliard dollar maýa goýýar. Bu şertlere görä, Ýaponiyadan gelen harytlara 15% salgyt salnar.
Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “Truth Social” jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.
“Biz Ýaponiýa bilen uly geleşik baglaşdyk, belki-de bu şu wagta çenli baglaşylyn iň uly şertnamalaryň biridir” diýip, Tramp belledi.
Amerikanyň Lideriniň bellemegine görä, Ýaponiýa ABŞ-a 550 milliard dollar maýa goýýar we ABŞ 90% peýda alar. Şeýle hem bu ylalaşyk müňlerçe iş orunlaryny döreder.
Amerikanyň hökümetiniň beren maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň jemleri boýunça ABŞ bilen Ýaponiýa arasynda haryt dolanyşygy 227,9 milliard dollar bolupdyr. ABŞ-dan Ýaponiýa iberilen harytlar 79,7 milliard dollara, Ýaponiyadan ABŞ-a gelen harytlar bolsa 148,2 milliard dollara barabardyr.
Şeýle hem ABŞ Filippinler bilen hem söwda ylalaşygyna gol çekdi. Bu ylalaşyga laýyklykda, Filippinler 19% möçberinde paj tölärler.