SPORT

Katar 2036-njy ýylda Olimpiýa oýunlaryny kabul etmäge taýýar

Katar 2036-njy ýylda tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) bilen gepleşikler alyp barýar. Bu barada komitetiň beýannamasynda bellenilýär.

Katar Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Joan bin Hamad Al-Tani aýtmagyna görä, häzir ýurduň sport infrastrukturasynyň 95%-i Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge taýýardyr.

“Biz ähli desgalaryň doly taýýarlygyny üpjün etmek üçin toplumlaýyn milli meýilnamamyz bar. Bu meýilnama jemgyýetçilik, ykdysady we daşky gurşaw taýdan durnukly mirasy döretmek üçin uzak möhletleýin konsepsiýa esaslanýar” diýip, ol aýtdy.

Katar Ýakyn Gündogarda Olimpiýa oýunlaryny geçirmegi üçin hukuga eýe bolan ilkinji ýurt bolup biler. 2022-nji ýylda ýurduň çäginde futbol boýunça dünýä çempionaty geçirildi, soňky 10 ýylyň dowamynda ýurduň çäginde Olimpiýa oýunlarynyň sport ugurlary boýunça alty halkara çempionat üstünlikli geçirildi.

Ýene-de okaň

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy