SPORT

Welosport boýunça Ýewropa çempionaty başlaýar

2020-nji ýylda geçiriljek “Gara ýolda welosiped sürmek boýunça Ýewropa çempionaty” şu ýylyň awgust aýynda Fransiýanyň Plue şäherinde geçiriljekdigi mälim edildi.

Ýewropa Welosipedçiler Bileleşiginiň metbugat gullugy habar bermegine görä, bäsleşikler 24-28-nji awgust aralygynda geçiriler. Bäsleşigiň ýol ugurlary entek kesgitlenmedi.

“Gara ýolda welosiped sürmek boýunça Ýewropa çempionaty” 1995-nji ýyldan bäri geçirilýär.

Bu bäsleşige häzirki wagtda taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem türgenler häzirden lukman barlagyndan geçip, özleriniň saglygy dikeldýärler.

“Gara ýolda welosiped sürmek boýunça Ýewropa çempionaty” 2021-nji ýylda Italiýanyň Trento şäherinde geçiriler.

 

Related posts

Türkiýäniň milli ýygyndysyna 46-njy tälimçi bellendi

Ata Watan Eserleri

“Barselona” Ter Stegen bilen şertnamasyny uzaltmakçy

Dünýä çempionaty-2026: Türkmenistan Özbegistany kabul eder