SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Üçýyldyz 23-nji iýulda dogdy

Üçýyldyz 23-nji iýulda doglup, 12-nji awgusta çenli, ýagny Ýaldyrak dogýança dowam edýär. Il-gün bu döwri “saryja tomus” diýibem atlandyrypdyr. Şol günler howanyň gyzgynlygy gündizlerine 40 — 46 derejä çenli ýetýär. Bary-ýogy 20 günlük bu döwrüň çarwadyr çomry üçin synag kemi ýok. «Eýe gözi em» diýleninden ugur alyp, daýhan ekiniň, çarwa malynyň suwuny kem etmejek bolýar. Howanyň çakdanaşa gyzmagy gamyşdyr hyşanyň ösüşine täsir edýär. Toraňňynyň ýapraklary-da göm-gök öwüsýär. Üçýyldyzyň soňky günleri howa örän gurak we yssy bolýar. Şol guraklykdyr yssy howa ekin, aýratyn-da, gowaça üçin ýaramlydyr. Şoňa görä, bu möwsüm onuň köpçülikleýin gülläp, gozalarynyň doluşýan döwri hasaplanýar.

Ata-babalarymyzyň «Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda gün sowar» diýen sözüniň manysyny tirsek, Üçýyldyz döwründe howa gündizlerine gyzsa-da, gije çyg düşüp, sowap başlandygyny, ýöne öňde Ýaldyragyň bardygyny ýatladýar. Bu barada «Ýaldyragyň ýangyny, Üçýyldyzyň galgyny» diýlen aýtgyny hem döredipdirler.

Saryja tomusda jandarlar nirede kölege bolsa, şol ýerde gizlenýärler. Hažžyklar, gömülgenler bolsa saýada guma gömlendirler. Iňrik garalyp, agşam düşdügi sähra ýene janlanar. San-sajaksyz mör-möjekleriň, perwanalaryň ugry oduň yşygyna bakadyr.

Ýene-de okaň

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy