SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Russiýa ugurly uçar gatnawlary barada

Türkmenistandan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine adaty halkara uçar gatnawy ýola goýuldy. Bu gatnawlaryň sanynyň artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Aşgabat-Kazan ugry boýunça yzygiderli gatnawlary täzeden ýola goýmak 19-njy iýunda meýilleşdirilýär. Bu barada Kazanyň halkara howa menziliniň gatnaw tertipnamasynda bellenilip geçilýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy her hepdäniň dynç günleri bu gatnawy ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. 22-nji iýulda bolsa, awiagatnawlaryň ýygylygy artdyrylyp, hepdede 2 gezek, ýekşenbe we anna günleri ýerine ýetiriler.

Ozal, Aşgabatdan Kazana uçar gatnawlarynyň 1-nji iýulda başlamagynyň göz öňünde tutulýandygy mälim edilipdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa arasyndaky awiagatnaw Aşgabat-Kazan-Türkmenabat ugry boýunça ýerine ýetirilýär. 1-nji iýundan bäri her hepdäniň çarşenbe güni «Aşgabat — Kazan — Türkmenabat» ugry boýunça uçuşlar amala aşyrylyp gelinýär.

 

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri 10-njy iýunda duşuşar

Related posts

Ýerli ýolagçy howa gatnawlarynyň täze tertibi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň syýahatçylyk statistikasy

Hytaýda ingalýasion usuldaky koronawirus sanjymy tassyklandy