DÜNÝÄ

Rim Papasy aradan çykdy

Rim Papasy Fransisk aradan çykdy. Bu barada Watikanyň metbugat gullugy habar berýär. Ol 21-nji aprelde ýerli wagt bilen 7:35-de aradan çykyp, Rim papasynyň 88 ýaşandygy habar berildi.

– Ol tutuş ömrüni Taňra we ybadathanasyna gulluk etmek bilen geçirdi. Ol bize dogruçylyk, mertlik we ähli zatlara söýgi gymmatlyklary esasynda ýaşamagy öwretdi – diýip, Watikanyň kardinaly Kewin Farrell belläp geçdi.

Rim Papasy Fransisk asyl ady Horhe Mario Bergolo 1936-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Argentinanyň Buenos-Aýres şäherinde dünýä indi. Ol ilkinji ýokary bilimi boýunça himik-tehnolog, soňra dini ylmy özleşdirdi.

Ol 2013-nji ýylyň 13-nji martynda Rim Papasy hökmünde saýlandy. Rim Papasy Argentinanyň “San-Lorenso de Almagro” futbol toparynyň janköýeridir. Şeýle hem ol argentin aktrisasy Tita Merelýonyň gatnaşmagyndaky çeper filmleri gowy görýärdi.

Rim Papasy ispan, italýan we nemes dillerinde erkin gürläp bilýär, şol san-da, latyn, fransuz, portugal we iňlis dillerini bilýärdi.

Köp wagtdan bäri birnäçe keselden ejir çekýän Rim Papasy 20-nji aprelde hristianlaryň Pasha baýramçylygy mynasybetli halk köpçüligi bilen didarlaşdy we şol gün ABŞ-nyň wise-prezidenti Jeý di Wens bilen duşuşdy.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi