DÜNÝÄ

Döwran Saburow “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy başlygy wezipesine bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň halk hojalygynda alnyp barylýan işleriň jemleri jemlendi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi işini ýatyryp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesini girizdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy döredildi.

Şoňa laýyklykda, Döwran Saburow Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy başlygy wezipesine bellendi.

Related posts

Türkiýede tapylan waksina haýwanlarda synag edildi

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

ABŞ-da 3-nji noýabrda möhüm saýlawlar geçiriler: 435 wekil we 35 senator saýlanar