DÜNÝÄ

Türkiýe Respublikasy ýene-de bir ýurda wiza düzgünini girizdi

Türkiýe Respublikasy ýene-de bir ýurda wiza düzgünini girizdi. Ol hem Täjigistan Respublikasy boldy. Mundan beýläk, Täjigistanyň raýatlaryndan Türkiýe Respublikasyna baranlarynda wiza talap ediler.

Bu baradaky kararnama Türkiýäniň resmi gazetinde çap edildi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gol çeken kararnamasynda şeýle diýilýär:

” Täjigistanyň pasportunyň eýesi bolan raýatlarynyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyrjak syýahatlarynda göz öňünde tutulan wiza ýeňilligiň ýatyrylmagy  6458 belgili Daşary ýurtlular we halkara howpsuzlyk kanunynyň 18-nji maddasyna laýyklykda karar berildi”.

 

Related posts

Emomali Rahmon Merkezi Aziýada iri nebit gaýtadan işleýän zawody gurmagy teklip etdi

Aşgabadyň garlary arassalamakda ýadawsyz zähmet çekilýär

USAID Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny berkitmäge ýardam edýär