TEHNOLOGIÝA

“Nvidia” – dünýäniň iň gymmatly brendi

Düýbi Kaliforniýada ýerleşýän çip öndürijisi “Nvidia” kompaniýasy bazar bahasy boýunça “Apple” kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmatly kompaniýasyna öwrüldi.

“Nasdaq” biržasynda “Nvidia” kompaniýasynyň paýnamalary sişenbe güni 2,84 göterim ýokarlap, her paýnama 139,91 dollara çenli ýokarlandy.

Kompaniýanyň umumy bazar bahasy paýnamalarynyň ýokarlanmagy bilen 3,43 trillion dollara ýetdi.

Şeýlelikde, “Apple” -iň bazar bahasy 3,38 trillion dollardygyny nazarda tutulyp, “Nvidia” ikinji gezek dünýäniň iň gymmatly kompaniýasyna öwrüldi.

Emeli intellekt çiplerine bolan islegiň artmagy bilen, “Nvidia” kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 182,5 göterim artdy.

Related posts

“Xiaomi” kompaniýasyndan elektrik ulagy

BMG Baş Assambleýasy Hytaýyň emeli intellekt teklibini kabul etdi

NASA-dan Aýa sapar