TEHNOLOGIÝA

BMG Baş Assambleýasy Hytaýyň emeli intellekt teklibini kabul etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy, Hytaýyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Fu Kong tarapyndan teklip edilen taslamany kabul edip, emeli intellekt kuwwatyny ösdürmek üçin halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek kararyna geldi.

BMG Baş Assambleýasy Hytaý tarapyndan emeli intellekt kuwwatyny ösdürmek hem-de aç-açanlyk we adalatlylyk ýörelgelerine esaslanan iş gurşawyny goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin teklip eden kararyny kabul etdi.

Hytaýyň wekili emeli intellekt tehnologiýasynyň dünýäde çalt ösýändigini, ýöne köp adamyň, esasanam ösýän ýurtlarda entek hakykatdan peýdalanyp bilmeýändigini ýa-da peýdalanmandygyny aýtdy.

ABŞ bilen bir hatarda 140-dan gowrak döwlet bu kararnamany goldady.

Related posts

«Samsung» kompaniýasy «Galaxy M21» akylly telefony bilen tanyşdyrdy

Ata Watan Eserleri

Meşhur awtoulag markalary

Ilon Mask Los-Anjeles şäherine kömek berdi

Ata Watan Eserleri