TEHNOLOGIÝA

TM CELL-den täze hyzmat: 71 kody girizildi

Türkmenistanyň «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory täze 71 koduny işe girizdi. Ozal bu öýjükli aragatnaşyk operatorynda şeýle kodlaryň bäşisi — 61, 62, 63, 64 hem-de 65 hereket edýärdi.

Täze kod bilen hödürlenjek halkara formatdaky telefon belgisi +99371xxxxxx görnüşinde bolar.

Täze kod ilatyň isleglerini hem-de ýüz tutmalaryny kanagatlandyrmak üçin işe girizildi. 71-lik tor kody bilen hereket edýän belgileri «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatorynyň ähli nokatlaryndan 10 manatdan (standart bahasy) satyn alyp bilersiňiz!

Related posts

“Huawei P50” telefon seriýasynyň resmi tanyşdyrylyş dabarasy boldy

“Amazon” kompaniýasy robotyny tanyşdyrdy

Meşhur “Apple” kompaniýasy : barada bilýärdiňizmi?

Ata Watan Eserleri