TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň ýokary tizlikli ýük ulagy

Hytaýda ýerleşýän “Dongfeng Motor” kompaniýasynyň dizaýneri “Bugatti Hyper Truck” atly özboluşly ýük awtoulagyny taslady. Fransuz awtoulag öndürijisi “Bugatti” ýokary tizlikli giper awtoulaglary bilen has meşhurdyr. Şeýlelikde, kompaniýa şu güne çenli ýokary tizlikli awtoulaglary bilen birnäçe gezek tizlik rekordlaryny täzeledi.

“Bugatti Hyper Truck” ýük göterijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen dört sany jübüt tigirler bilen üpjün ediler. Ýük awtoulagynyň öň tarapynda ýaryş awtoulagyna meňzeýän bamper hem bar. Hyýaly dizaýn şekilde emele getirilen bu ýük ulagy örän özboluşly ulgamlary özünde jemleýär.

 

Related posts

Telefon bazarynyň öňdebaryjysy kim?

Fransiýada emeli intellekt üçin maýa goýumlary 85 milliard dollara ýetdi

“Samsung Galaxy Watch 4” satuwa çykýar

Ata Watan Eserleri