TEHNOLOGIÝA

“SpaceX” kosmosa syýahatçy iberdi

Kosmos syýahatçylygy barha uly gyzyklanma döredip başlady. “SpaceX” kompaniýasy ilkinji gezek Halkara kosmos bekedine kosmos syýahatçylaryny iberdi.

3 sany işewür – ABŞ-dan Larri Konnor, Kanadadan Mark Pati, Ysraýyldan Eýtan Stibbe “Crew Dragon” kosmos gämisi bilen ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Kanaweral burnunda ýerleşýän kosmodromdan älem giňişligine gitdiler.

Syýahatçylaryň her biri bu kosmos syýahaty üçin 55 million dollar tölediler. Olara bu syýahatynda NASA-nyň astronawty Maýkl Lopes-Alegriýa ýoldaşlyk edýär.

Kosmos gämisi Halkara kosmos bekedine üstünlikli baryp ýetdi. Kosmos syýahatçylary bu ýerde 8 gün galarlar we soňra Ýere dolanyp gelerler.

Syýahatçylar ilkinji gezek Halkara kosmos bekedine Russiýanyň “Soýuz” gämisi däl-de, eýsem Ilon Maksyň “SpaceX” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen “Crew Dragon” gämisi bilen geldiler.

 

10 günde 15 göterim ösüş : Atavatan TV YouTube

Ýene-de okaň

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy