SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Bangkoga uçar

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň saýtynda habar berlişine görä, Kazan-Bangkok ugry boýunça uçar gatnawlarynyň Aşgabadyň üsti bilen amala aşyrylyp başlanjakdygy habar berildi. Kazan şäherinden anna we şenbe günleri, Bangkokdan bolsa şenbe we ýekşenbe günleri gatnawlar ýerine ýetiriler. Gatnawlaryň 22-nji dekabrda başlanmagy göz öňünde tutulýar.

Biletiň bahasy şulary özünde jemleýär:
– gonup geçmek
– 25 kg el-goşlar
– gatnawyň ähli nokatlarynda talabalaýyk gyzgyn iýmit

 

Awiabiletleri “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň https://turkmenistanairlines.ru saýtyndan ýa-da “avia@itmgroup.ru” elektron poçta salgysyna hat ibermek arkaly almak bolar.
  • RF, Тatarystan, Kazan, Dekabristler köçesi, 85B jaýy, BS «Relita», 210M-nji otag (Kozýa Sloboda metrosy).
    Telefon: +78435005531
  • RF, Moskwa oblasty, Domodedowa aeroporty, halkara gatnawlar bölümi, kassa № 49.
    Iş wagty: her gün 10:00-dan 19:00-a çenli. Tel: +7-903-243-22-50
  • RF, Sankt-Peterburg, Aleksandr Newskiý meýdany 2-nji jaý, lit Е, 3-nji geçelge, 1-nji gat.
    Iş wagty: her gün 09:00-dan 19:00-a çenli.
    Telefon: +79312221266
    E-poçta: avialed.ticketing@gmail.com

Ýolagçylar özlerini gyzyklanýandyrýan maglumatlary “Aý-Ti-eM-Demirgazyk”  syýahatçylyk kompaniýasyndan alyp bilerler.

  • +78124599899
    elektron-poçta: avia@itmgroup.ru

Ýene-de okaň

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar