SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Şu gün Aşgabat-Abu-Dabi uçar gatnawlary başlaýar

Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň BAE bilen ozaldan bäri ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi hem-de bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Maslahatyň dowamynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerine garaldy.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurdumyz ulag ulgamynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, howa ýollaryny hem yzygiderli ösdürýär. Aşgabat — Dubaý — Aşgabat ugry boýunça gatnawlar ýola goýuldy.

Şu gün bolsa Abu-Dabä ilkinji ýolagçy uçarynyň uçuşy amala aşyrylar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygyna şaýatlyk edýär.

Related posts

Türkhowaýollary: Jemi 19 ýörite gatnaw

Ata Watan Eserleri

Türkiýe hem “Sputnik V” sanjymyny ulanmakçy

Türkmenabatdan Moskwa 37-nji ýörite gatnaw

Ata Watan Eserleri