SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyň awiasiýasy hünärmenleriniň hünär derejesi ýokarlandyrylar

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň okuwyny guramak teklip edilýär.

Şeýle hem ýurdumyzyň Halkara howa menzilleriniň ýük dolanyşygyny artdyrmak we ýük ammarlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, halkara ýük howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, amaly okuwlary guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagynyň barha ösdürilýändigini, täze uçarlaryň yzygiderli satyn alynýandygyny, howa menzillerinde döwrebap şertleriň döredilýändigini, munuň bolsa halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagy talap edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz raýat awiasiýasy pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we tejribelerini artdyrmak boýunça okuwlary geçirmek baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy